Türkmen halkynyň milli şahyry Magtymguly Pyragynyň baý döredijilik mirasy köpöwüşginlidir. Onuň şygyrlarynda şol döwrüň taryhyny, halkyň ýaşaýyş-durmuş şertleri, ruhy gymmatlyklary bilen bagly bolan gymmatly maglumatlar berilýär. Akyldar şahyryň döredijiligi hemmetaraplaýyn öwrenilende onuň şygyrlarynda halkyň taryhyny beýan edýän maddy gymmatlyklaryň biri bolan lybaslarymyzyň hakyky we göçme manylarda ussatlyk bilen ulanylandygyny görmek bolýar. Şahyryň şygyrlarynda şol döwüre mahsus bolan we has ýörgünli geýlen, ýagny ulanylan egin-eşikleriň dürli görnüşleriniň atlaryna duş gelinýär. Olaryň içinde başgaplaryň, egne geýilýän köýnekdir, donlaryň, dakylýan guşaklaryň hat-da olaryň taýýarlanylan matalarynyň görnüşleriniň atlarynyň hem bardygyny aýtmak bolar. Şonuň üçinem şahyryň goşgularynda egin-eşikler bilen bagly bolan birnäçe adalgalara gabat gelinýär. Şol adalgalaryň köpüsi biziň häzirki günlerimizde ulanylýan bolsa, käbirleriniň orunlary täze sözler bilen çalyşylandygyny belläp geçmek zerurdyr. Çünki munuň sebäbini Magtymgulynyň döwründen üç asyra golaý wagt geçendigi hem-de her bir döwrüň özüne mahsus bolan ösüş aýratynlyklarynyň bolandygy bilen düşündirmek bolar. Şeýle-de bolsa şahyryň baý döredijilik mirasy şol döwrüň taryhyna içgin aralaşmaga giň mümkinçilik berýar.
Primary Language | Turkish |
---|---|
Subjects | Turkish Islamic Literature |
Journal Section | Articles |
Authors | |
Early Pub Date | June 5, 2024 |
Publication Date | June 7, 2024 |
Submission Date | April 15, 2024 |
Acceptance Date | May 28, 2024 |
Published in Issue | Year 2024 |